12/05/2026
121
Fransiýanyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 12-13-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilyän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary, diplomatlary we hünärmenleri bir ýere jemledi.
Şu uly göwrümli halkara forumyň çäklerinde institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdüri Ogulgurban Ezimowanyň Fransiýa Respublikasynyň meşhur arheology, taryhçy alym Julio Bendezu Sarmiento bilen söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ylmy hyzmatdaşlyk, taryhy miras we talyp ýaşlara bilim bermegiň häzirki zaman usullary barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda fransiýaly alym Julio Bendezu Sarmiento adamzat taryhyny, medeni mirasyny, gadymy däp-dessurlary hem-de adatlary öwrenmekde arheologiýa ylmynyň tutýan ornuna we aýratyn zerurlygyna ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň baý taryhy ýadygärlikleriň we gadymy siwilizasiýalaryň mekanydygyny belläp, bu gymmatlyklary düýpli öwrenmekde ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, institutymyzyň alyp barýan işlerine we ylmy mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.
Myhman geljekde hem ylmy-barlag işlerinde, esasan-da taryhy we medeni mirasy bilelikde öwrenmekde özara tejribe alyşmagy dowam etdirmäge taýýardygyny belledi.
Begmuhammet ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby