30/04/2025
117
“ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY JÄHTLERI” ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Energetika diplomatiýasynyň syýasy we ykdysady jähtleri” atly okuw sapagy geçirildi. Ony halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi A.Baýramowa alyp bardy. Okuw sapagyna institutda hereket edýän türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan “Energetika diplomatiýasy” merkeziniň diňleýjileri talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda häzirki döwrüň energetika ugurlary, onuň halkara gatnaşyklaryndaky orny we ösüş tendensiýalary barada giňişleýin gürrüň edildi. Aýratyn-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň sebit we dünýä energetika ulgamyndaky strategik ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara taslamanyň howpsuz energiýa üpjünçiligine goşýan goşandy we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny nygtaldy.
Bekmyrat SAPARMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.