02/03/2024
535
Energetika diplomatiýasynyň nobatdaky okuw sapagy
2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Öwliýagulyýewa Suraý «Energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti we täsirli orny. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary we onuň üstünlikli amala aşyrylmagy» atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti, ösüşi we Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary, olaryň iş ýüzündäki orny we bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada bellenilip geçildi.
Talyplar üçin bu okuw sapagy örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Sähra ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.