18/09/2024
4
Energetika diplomatiýasy boýunça okuw sapaklary başlandy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuradow Rahym «Dünýä energetikasynyň ösüşiniň esasy ugurlary. Energiýanyň sarp edilmegi ykdysady ösüşiň görkezijisi hökmünde» atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti, ösüşi we Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary, olaryň iş ýüzündäki orny we bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada bellenilip geçildi.
Talyplar üçin bu okuw sapagy örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Mähri NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.