30/11/-0001
689
Emläge baha kesmegiň hukuk taraplary atly okuw sapagy
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Emläge baha kesmegiň hukuk taraplary” atly ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini hukuk taýdan goramagyň usullaryny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymlary bilen bilelikde gurnalan bu okuw sapagyna şol fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuwy sapagyny tehniki ylymlarynyň kandidaty, dosent Öwezmyrat Bäşimow alyp bardy. Ol ýaşlara durmuş-ykdysady we medeni taýdan pajarlap ösýän döwletimizi barha kuwwatlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda giň gerimli, ägirt uly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýän, halkyň ýaşaýyş derejesini has gowulyga tarap özgerdýän çäreleri durmuşa geçirmekde, täze ösüşlere, belent sepgitlere ýeten ýurdumyzyň ykdysadyýeti, esasan hem, bank ulgamy ýokary depginler bilen ösdürmekde, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň alyp barýan pul-karz syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň täjirçilik banklary dürli görnüşli amallary ýerine ýetirmekde we müşderileriň artýan isleglerini kanagatlandyrmakda ýaş ykdysatçylaryň goşantlarynyň örän uludygyny belläp geçdi. Geçirilen maslahatyň esasy maksady, geljekki ykdysatçylary köpugurly işlere çekmek bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleri oňyn netije berýär.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Ogulşat GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.