Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Ekologiýa diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat
    Ekologiýa diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat surady
    30/11/-0001

    902

    Ekologiýa diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat

    2022-nji 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ekologiýa diplomatiýasy we ekologiýanyň täze ölçeglerine laýyklykda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary» atly maslahat geçirildi. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňýanynda geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de institutyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Perhat Çaryýew alyp bardy. Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Halymberdi Hajyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy Gurbangeldi Aşyrow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Ogulgurban Ezimowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Berdimyrat Rozyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Gurbanmyrat Muhammedow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Mätgurban Mätgurbanow dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygy, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän sebit we dünýä ähmiýetli ekologik başlangyçlaryň halkara giňişlikde goldaw tapýandygy, eziz Diýarymyzda daşky gurşawy we tebigatdaky biodürlüligiň gorap saklanylmagy bilen bagly işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Mundan başga-da, çykyşlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ekologiýa babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ünsüň berilýändigi, munuň bolsa öz gezeginde sebitiň ekologiýa abadançylygyna oňyn täsir etjekdigi barada hem aýratyn nygtaldy. Söz sözlänler ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin amatly howa gurşawyny döretmek, köpöwüşginli we baý türkmen tebigatyny gorap saklamak babatda taýsyz tagallalary alyp barýan hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

    Gurbanmyrat AŞYROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI