05/05/2026
38
“EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ZEMINIŇ GÖZELIGI” ATLY ÇÄRE GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözeligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi.
Çäre Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň ruhuna laýyklykda ýaşlaryň arasynda ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, tebigaty goramak, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen guraldy.
Ilki bilen, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň ähmiýeti, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamagyň wajyplygy hem-de häzirki döwürde ekologiýa diplomatiýasynyň orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, milli mirasymyzy hem-de tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada aýratyn nygtaldy. ÝUNESKO-nyň parahatçylygy, medeniýeti we tebigaty goramak babatda alyp barýan halkara başlangyçlarynyň ýaşlaryň arasynda ekologik düşünjäni ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara konwensiýalara işjeň gatnaşmak bilen, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, çölleşmäge garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak hem-de daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaş nesliň ekologik medeniýetini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Wagyz-nesihat duşuşygyndan soňra çäre amaly işler bilen utgaşdyryldy. Talyplar institutyň çägindäki bag-bossanlyga ideg etmek, ýaşyl zolaklary abadanlaşdyrmak hem-de arassalamak boýunça işlere işjeň gatnaşdylar. Şeýle asylly başlangyçlar ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini pugtalandyrmakda, ekologik jogapkärçiligini artdyrmakda hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Çäräniň dowamynda aýratyn işjeňlik görkezen talyplar “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
Şeýle çäreler ýaşlaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçiligini artdyrmakda, ekologik diplomatiýanyň esaslaryny öwrenmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.