28/06/2024
724
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda, şeýle hem dünýä nusgalyk şäher bolan Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklary geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we institutymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda dünýä nusgalyk “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri bolan Arkadag şäheriniň ähmiýeti dogrusynda, durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa ulgamynyň orny, jogapkäçilikli önümçilik we sarp edişlik we beýlekiler barada gürrüň edildi. Şonuň bilen baglylykda Arkadag şäheriniň uly ähmiýeti görkezildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda gurlup başlanan Arkadag şäheri Türkmenistanyň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Onuň gurluşygy, “akylly” şäherleriň, “ýaşyl” tehnologiýalaryň standartlaryna we ýokary daşky gurşaw standartlaryna laýyklykda arhitektura we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary esasynda amala aşyrylýar. Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar degişli sertifikatlar bilen sylaglandy.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: