30/11/-0001
880
“Breýin ring’’ bäsleşigi geçirildi
2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda 1-nji ýyl talyplaryň arasynda “Breýin ring” bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde talyplaryň logikasyny ösdürmek maksady bilen, iňlis dilinde dürli sowallar berildi. Bäsleşik çekeleşikli geçip, onuň netijeleri boýunça 1-nji orna Halkara hukugy, 2-nji orna Halkara žurnalistikasy we 3-nji orna Halkara gatnaşyklary fakultetleriniň talyplary mynasyp boldular.
Mahym NARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.