30/11/-0001
556
BMG-niň iňlis dili güni mynasybetli döredijilik duşuşygy
2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda BMG-niň senenamasyndaky iňlis dili güni mynasybetli “Peculiarities and significance of the English language” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda “Lingvo World” gurnagynyň agzalary iňlis diliniň taryhy, ähmiýeti we aýratynlyklary, iňlis dilinde gürleýän ýurtlar bolan ABŞ, Birleşen Korollyk, Kanada we Awstraliýa, Şekspir, Mark Twen ýaly iňlis we amerikan meşhur ýazyjylary barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de iňlis dilinde aýdymlar, goşgular, sahna oýunlary ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, talyplar iňlis dili we umumy bilimler baradaky soraglara dogry jogap bermek ýaly oýunlary hem oýnadylar.
Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň maksady talyplaryň iňlis dilinde sözleýiş endiklerini ösdürmek, olaryň daşary ýurt dilinde suwara geplemek, öz pikirlerini beýan etmek, döredijilikli pikirlenmesini we ugurtapyjylygyny ösdürmek we kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Döredijilik duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzda talyp ýaşlara daşary ýurt dillerini öwrenmäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Selbi ANNAKURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.