22/10/2024
2468
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli bäsleşik
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda Institutyň ähli fakultetleriň talyplarynyň hem-de magistrleriniň arasynda geçiriljek
BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNLERI
Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy şol institutyň ähli fakultetleriniň talyplary hem-de magistrleri üçin breýn-ring bäsleşigini yglan edýär.
* Bäsleşigiň esasy maksady: Bu bäsleşik Halkara gatnaşyklarynda halkara hukugynyň ähli subýektleriniň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlugy üpjün etmekde esasy oruny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasy we onuň işiniň esasy ugurlary boýunça talyp ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.
* Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň gurnamagynda geçirilýär.
* Bu bäsleşige Institutyň ähli fakultetleriniň talyplaryndan hem-de magistrlerinden (her fakultetdan 1 (bir) sany) düzülen toparlar gatnaşmaly. Her toparda 8 (sekiz) sany talyp we magistr bolup biler.
* Her toparyň özleriniň saýlap alan ady, nyşany bolmaly.
* Bäsleşik 4 şertden ybarat bolup, bäsleşige gatnaşyjylar öňünden berlen şertlere (Şu düzgüne goşulýar) laýyklykda taýýarlanýarlar. Şeýle hem, şertleri dogry we dürs berjaý etmeklik ähli gatnaşyjylar tarapyndan talaba laýyk ýerine ýetirilmelidir.
* Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär.
* Bäsleşigiň netijeleri emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlenýär.
* Bäsleşigiň netijelerine görä, toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar berler.
* Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň portalynda we institutyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
* Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry. Sagat 14:00.
* Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy.
BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI:
* Gatnaşyjylar:
Her fakultetdan 1 sany topar (jemi 4 sany topar)
* Her topar 8 talypdan ybarat bolmaly.
* Toparlaryň ady, nyşany bolmaly.
1-nji tapgyr – Birleşen Milletler Guramasy bilen bagly düzülen soraglara jogap bermek. (Breýn ring)
Düzgünleri: mugallymlar tarapyndan düzülen jemi 10 sorag berilýär, pikirlenmek üçin her soraga 1 minut (jemi 10 minut) wagt berilýär.
2-nji tapgyr – Halkara gatnaşyklary bilen bagly toslanyp tapylan wakalaryň gatnaşyjy döwletleri (her bir topar guramaçy tarapyndan bir toslanyp tapylan at bilen deslapdan atlandyrylýar hem-de döwlet hökmünde ykrar edilýär) hökmünde şol waka boýunça özleriniň syýasy, ykdysady we halkara hukuk garaýyşlaryny (pozisiýalaryny) emele getirýärler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň immitirlenen münberinde öz döwletiniň adyndan çykyş edýärler (Pozisiýasyny gorýarlar).
Düzgünleri: Döwletler öz pozisiýalaryny beýan etmekleri üçin 8 minut wagt berilýär. Berlen wagtyň dowamynda döwletler berlen waka bilen bagly halkara gatnaşyklaryň gatnaşyjysy hökmünde öz döwletleriniň pozisiýalaryny giňişleýin beýan edýärler. Gatnaşyjy döwletleriň pozisiýalaryny halkara hukuk nukdaýnazaryndan esaslandyryp beýan edişine baglylykda hem emin agzalary tarapyndan olara baha (1-dan 10 bala çenli) berilýär. Halkara gatnaşyklary bilen bagly toslanyp taýýarlanan waka hem-de Toparlaryň haýsy döwlet diýlip atlandyryljagy baradaky maglumat Bäsleşigiň geçiriljek gününe 3 (üç) iş güni galanda olaryň fakultetlerine Guramaçylar tarapyndan ýapyk bukjalarda iberilýär.
3-nji tapgyr – Dünýä döwletleriniň döwlet nyşanlaryny we paýtagtlaryny ýatdan bilmek hem-de aýry-aýry döwletleriň BMG bilen bagly daşary syýasatyna degişli soragnama jogap bermeli.
Düzgünleri: Wagty 5 minutdan geçmeli däl.
Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry. Sagat 14:00.
* Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy.