12/02/2025
657
Awstriýa Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Awstriýa Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasy, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa, Arktika boýunça müdirliginiň direktory Gerhard Saýller ýolbaşçylyk etdi.
Wekiliýetiň düzüminde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götsburg we Awstriýa Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (oturýan ýeri Almaty şäheri) Ilçihanasynyň Söwda boýunça geňeşçisi Klemens Mahal bardy.
Wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa garşylap, Awstriýa Respublikasynyň hemişelik bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra jenap Gerhard Saýller halkara meseleleriň öňüni almak, bitaraplygyň ähmiýeti we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki orny barada talyp ýaşlaryň öňünde çykyş etdi. Duşuşygyň dowamynda talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we giňişleýin jogaplar aldylar.
Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde wekiliýet üçin Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine gezelenç guraldy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.