514
Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan halkara onlaýn-maslahaty
2021-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk: parahatçylygyň we ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan bu onlaýn görnüşli foruma dünýäniň ençeme döwletleriniň daşary syýasat institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem milli diplomatiýanyň weteranlary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahaty Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, f.y.k. Begenç Karaýew alyp bardy.
Halkara onlaýn forumyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew giriş sözi bilen açyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu halkara maslahatynyň özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyny nygtady. Milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýäde ýurdumyzyň daşary syýasatynyň hem-de Aşgabadyň at - abraýynyň barha artýandygyny, paýtagtymyzyň sebitde iri ylalaşdyryjylygyň , parahatçylygyň we düşünişmegiň merkezine öwrülýändigini, möhüm syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni çäreleriň, dürli duşuşyklaryň, simpoziumlaryň we forumlaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýandigni belledi. Häzirki wagtda institut dünýä ýurtlarynyň 24-siniň ýokary okuw mekdepleriniň we diplomatik akademiýalarynyň 25-si bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy we üstünlikli ösdürýär.
Halkara maslahatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň prezidenti Farhat Asif, Pakistan Yslam Respublikasynyň COMSATS maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasat öwreniş merkeziniň direktory Imran Sýed, Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory Mohammed Al-Khorra, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň prezidenti Saýed Kazem Sajdapur, Italýan diplomatik akademiýasynyň direktory Abramo Habib, Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň direktory Mesut Ozjan , Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň kafedra müdirleri Ainur Jorabekowa we Guldana Alybaýewa we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaştklary institutynyň (uniwersitetiniň) ylmy işgäri Ýuliýa Nikitina çykyş edip, foruma gatnaşyjylara Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, oňyn Bitaraplygynyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň dünýäde parahatçylygy saklamakda uly orun eýeleýändigini bellediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň diplomatik ussatlygynyň we tejribesiniň, oňyn başlangyçlarynyň sebitiň çylşyrymly meselelerini çözmäge oňaýly kömek berýändigini nygtadylar. Olaryň nygtap aýtmaklaryna görä, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygy ýyllarynda Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar diplomatik ugurda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda pikir alyşdylar.
Jemal REMATULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi