532
Aşgabadyň doganlaşan şäherleri bilen gatnaşygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty
2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabadyň doganlaşan şäherleri bilen gatnaşygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu tegelek stol maslahatyny institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Oňa Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Nyýazow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary departamentiniň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew we institutyň talyp ýaşlary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.
Çary Nyýazow Aşgabadyň birnäçe şäherler bilen doganlaşmagynyň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan daşary syýasatynyň ösdürilmeginde uly orna eýe bolup durýandygy barada öz çykyşynyň dowamynda aýratyn belläp geçdi. Çynar Rüstemowa öz çykyşynda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň şäherleri bilen bir hatarda Hytaý Halk Respublikasynyň Lançžou we Pekin şäherleriniň doganlaşan şäherlerdigini we olaryň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyklaryň ýola goýlandygyny belläp geçdi. Nurberdi Amanmyradow bolsa, Aşgabadyň doganlaşan şäherleri Ankara we Kiew barada gyzykly gürrüňleri berdi. Saragt Babaýewiň Aşgabat şäheriniň gözel künjekleri bolan birnäçe seýilgählerde ýerleşdirilen heýkelleri barada beren gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Maslahatyň dowamynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Seýli Aryşowyň hem-de Aýgül Mätiýewanyň Saragt Babaýew bilen Magtymguly Pyragynyň täze heýkeliniň üstünde iş alyp barýan ýerinden alan interwýusy we Aşgabadyň doganlaşan şäherleri baradaky wideoroligi görkezildi.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi