30/11/-0001
544
“Arkadagly döwrüň bagtly ýaşlary” atly maslahat
2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda ýaşlarymyzyň gadymdan bäri nesilden-nesle geçip gelýän mirasymyza, milliligimize bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Arkadagly döwrüň bagtly ýaşlary” şygary astynda maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň agzasy, institutymyzyň ýaş mugallymlary, ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlar barada edilýän aladalar barada gürrüň berdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Onda institutyň işjeň mugallymlary we talyplary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dolmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimize alyp barýan işjeň syýasaty, amala aşyrýan özgertmeleri we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna berýän yzygiderli goldawy üçin köp sagbolsun aýtdylar.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI