30/11/-0001
711
Arkadag şäheri — döwrüň we dünýäniň buýsanjy
2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Arkadag şäheri — dünýäniň şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky, halkara guramalaryň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, täsinligi, owadanlygy, döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýän, halkara ölçeglerine laýyk gelýän «akylly» şäheriň aýratynlyklary dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş eden tejribeli diplomatlaryň belleýşi ýaly, diňe öz ýurdunyň däl, dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda aladalanýan beýik Şahsyýetiň adynyň täze, döwrebap şähere dakylmagynyň örän uly taryhy manysy bardyr. Çünki asyrlara ýaň saljak täze şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory — Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalarynyň, gurluşyk we binagärlik babatda ýiti zehininiň, şähergurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň ajaýyp miwesidir.
Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleri, BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilýän Kararnamalaryň ähmiýeti dogrusynda-da durlup geçildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz: