30/11/-0001
647
ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA ŽURNALISTIKANYŇ ZERURLYGYNA BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHATY
2022-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşygy saklamak mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly taslamanyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna daşary ýurtly bilermenler, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýeti yzygiderli gyzgyn habarlardan habardar etmekde döwlet edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň arasynda bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak boýunça halkara tejribesi dogrusynda anyk mysallaryň üsti bilen gürrüň etdiler.
Taňryberdi MYRATLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň uly laboranty.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!