27/03/2026
125
ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde maýyplaryň hukuklary boýunça BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň adam hukuklary boýunça geňeşçisi jenap Erkin Isakulowyň alyp barmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda jenap Erkin Isakulow “BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň standartlary” temasy boýunça maýyplaryň esasy hukuklarynyň halkara hukugyna laýyklykda tejribede ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar bilen sorag-jogap alşyldy. Şeýle okuw sapaklaryň yzygiderli guralmagy talyplaryň halkara hukugynda adam hukuklary boýunça bilimleriniň giňelmegine uly ýardam berýär.
Gurbanguly JAPAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.