604
24-nji oktýabr – Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni
1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda parahatçylygy gorap saklamak, erkinligi, azatlygy, halklaryň arasynda dostlugy ýola goýmak, ykdysady, durmuş, medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, adam hukuklaryny goramak, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny döretmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Muňa garamazdan dünýä bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlarda bu taryhy sene Birleşen Milletler Guramasynyň güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilip geçilýär.
Ilkinji gezek BMG-ni döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözülýär. Bu gurama 1945-nji ýylyň 25-nji aprelinde San-Fransiskoda geçirilen konferensiýada döredilýär. Şol ýylyň 26-njy iýunynda 50 ýurduň wekilleri BMG-niň Düzgünnamasyny biragyzdan kabul edýärler. Düzgünnama baýramçylyk senenamasyna öwrülen 24-nji oktýabrda güýje girýär. BMG-niň ştab-kwartirasy Nýu-Ýorkda, Ýewropadaky merkezi bolsa Ženewa şäherinde ýerleşýär. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. BMG-niň düzüminde birnäçe guramalary bardyr. Olara medeniýet we magaryf işleri boýunça gurama –ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we başgalar degişlidir.
Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasyna dünýäniň garaşsyz döwletleriniň 193-si kabul edildi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen halkymyzyň taryhynda möhüm waka bolup geçdi. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul edýär. Öz garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan turuwbaşdan döwletara gatnaşyklaryny güýç ulanmazlyk, taraplaryň bähbitlerini doly hasaba almak, uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlyk, meýletinlik, içeri işlere goşulmazlyk, öňdebaryjy tejribäni we oňaýly ideýalary alyşmak, umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin güýçleri birikdirmek ýörelgeleri esasynda gurup başlady. Bu ýörelgeler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň halklarynyň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Bilşimiz ýaly, BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky ilkinji gatnaşyklaryň hatarynda BMG-de Türkmenistanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assembleýasynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakynda Ykrarnama kabul edildi. 2015-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýene bir gezek dünýä jar edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
Adolat KURANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
20/12/2024
ÝAŞ TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇŞI