Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY 2024/2025-NJI OKUW ÝYLY ÜÇIN MAGISTRATURA TAÝÝARLYGYŇ AŞAKDAKY UGURLARY BOÝUNÇA MAGISTRLIGE KABUL EDÝÄNDIGINI YGLAN EDÝÄR:
    TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY 2024/2025-NJI OKUW ÝYLY ÜÇIN MAGISTRATURA TAÝÝARLYGYŇ AŞAKDAKY UGURLARY BOÝUNÇA MAGISTRLIGE KABUL EDÝÄNDIGINI YGLAN EDÝÄR: surady
    13/07/2024

    5154

    TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY 2024/2025-NJI OKUW ÝYLY ÜÇIN MAGISTRATURA TAÝÝARLYGYŇ AŞAKDAKY UGURLARY BOÝUNÇA MAGISTRLIGE KABUL EDÝÄNDIGINI YGLAN EDÝÄR:

    1. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).
    2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy).
    3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet).
    4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).
    Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar. Instituta taýýarlygyň:
    — «Sanly diplomatiýa», «Seljeriş we strategik meýilleşdiriş» ugurlary boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;
    — «Gündogary öwreniş» ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, gündogar dilleri we edebiýaty çygrynda;
    — «Halkara hususy hukugy», «Halkara jemagat hukugy» we «Halkara arbitraž we işewürlik hukugy» ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwreniş çygrynda;
    — «Halkara ykdysadyýet» ugry boýunça ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda;
    — «Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy» ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
    Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
    Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
    — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
    — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
    — ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
    — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
    — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
    — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
    — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
    Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
    — pasportyny;
    Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
    Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 7-8, 9-njy awgusty aralygynda geçirilýär.
    Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:
    taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş; seljeriş we strategik meýilleşdiriş – iňlis dili, halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti;
    taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy; halkara arbitraž we işewürlik hukugy – iňlis dili; Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary;
    taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýet – iňlis dili, ykdysady nazaryýet.
    taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy – iňlis dili; žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary.
    Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
    Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25; tel.: 22-68-50.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://www.kitaphana.net/book/2657

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI