
196
20-nji maý — Bütindünýä balary güni
Her ýyl 20-nji maýda Bütindünýä balary güni bellenilýär. Aryçylyk tejribesi azyndan 4500 ýyl dowam edýär.
Bütindünýä balary güni 2017-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Karary esasynda döredildi. Baýramyň geçiriljek güni, Sloweniýadan görnükli aryçylaryň biri - häzirki aryçylygyň düýbüni tutujy Antone Ýanşeniň doglan gününe gabat gelýär. Balaryçylyk irki wagtlardan bäri hem belli bolup, ol halk lukmançylygynda köp ulanylypdyr. Häzirki zaman balaryçylyk ylmyny esaslandyryjy germaniýaly Antone Ýanşe hasaplanyp, onuň bu baradaky gollanmasy 1771-nji ýylda çap edilipdir. Albert Eýnşteýn: “Adam üç minut kislorodsyz, üç gün suwsyz we dört ýyl arysyz ýaşap biler” diýen meşhur sözler bilen tanalýar. Dünýäde 21 müňe golaý ary görnüşi bar. Güller bilen baglanyşykly ekosistemalarda iň köp tozanlaýjy topar bolmak bilen, gül ösümlikleriniň tozanlanmagynda möhüm orun tutýar. Arylar birek-birege garaşsyz ýaşap bilerler we dürli sosial gurluşlarda bar bolup bilerler.
Howanyň hapalanmagy, arylaryň nektar üçin ot iýmegini kynlaşdyrýar, sebäbi süýji ysy yzarlamagy kynlaşdyrýar. Arylar üçin amatly ýaşaýyş ýeriniň ýoklugy, tozanlaşmagyň derejesiniň düýpgöter peselmegine sebäp bolup biler, bu bolsa öz gezeginde adamyň iýmitlenmegine howp salýar. Arylar diňe ekin hasylyna täsir etmän, ösümliklerdäki ýokumly maddalaryň mukdaryny köpeltmäge hem kömek edýär. Arylary tygşytlamak üçin hatda dürli ösümlikleri gorap saklamak we tomus ekinlere bal öndürýän gül ekmek, arylara uly zyýan ýetirip biljek pestisidleri ulanmakdan ýüz öwürmek, ýerli ýaşaýjylardan bal we beýleki ary önümlerini satyn almak, ýumurtgalarynyň goralmagyny we ösmegini höweslendirmek ýaly möhümdir. Arylar baradaky kitabyň awtory Fridrih Heinbuçyň belleýşi ýaly, aryçylar bilen daýhanlaryň arasynda gepleşikler bolup biler, şonuň üçin arylar üçin has amatly ýaşaýyş şertlerini döredip, ekerançylyk ýerleriniň bir bölegini soň ekmek üçin terk ederler.
Bu günüň halkara derejesinde bellenilmegi janly tebigatda arylaryň ösümlikleri tozanlandyrmakdaky ornuny, hasyllylygy ýokarlandyrmakdaky wezipesini we netijede azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine aýdyň düşündirýär.
Selbi BATYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.