Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady
    11/04/2026

    518

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI

    12-nji aprelde bütindünýä Awiasiýa we kosmonawtika gününi belleýär, bu bolsa adamyň ilkinji kosmosa uçuşyny bellemek üçin niýetlenen ýadygärlik senesidir. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde Sowet raýaty, uly leýtenant Ýuriý Gagarin “Wostok-1” kosmos gämisinde dünýäde ilkinji bolup Ýeriň orbitasyna uçdy we kosmosda adamly uçuşlaryň döwrüni açdy. Bary-ýogy 108 minut dowam eden uçuş kosmosy öwrenmekde has uly öňegidişlik boldy. Bu aýratyn gün –ylmyň we şu günki kosmos senagatynda işleýänleriň üstünlige tarap ilkinji aýgytly ädimini äden günüdir.
    Kosmonawtika güni Sowet Soýuzynda baýramçylyk hökmünde 1962-nji ýylyň 9-njy aprelinde SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Permany bilen bellenildi we 1968-nji ýylda bolsa, Halkara Aeronawtika Federasiýasynyň maslahatynda halkara derejesine eýe boldy.
    Ýeri gelende aýtsak, 2011-nji ýyldan bäri ol Adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni hökmünde bellenilýär. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite umumy mejlisinde Russiýanyň başlangyjy bilen kosmosy öwrenmekde ilkinji ädimiň 50 ýyllygyny bellemek üçin A/RES/65/271 belgili resmi karar kabul edildi. Bu karara 60-dan gowrak döwlet bilelikde goldaw berdi.
    Häzirki wagtda bolsa, 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde dünýä inen rus kosmonawty Oleg Kononenka kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny täzelemegini dowam edýär. Oleg Kononenka 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýere gaýdyp gelende, onuň kosmosda geçiren günleriniň umumy sany 1110 güne deň boldy.
    Ussat kosmonawt bu üstünligi Halkara kosmos stansiýasynda belledi. Şunuň ýaly ussatlaryň türkmen topragynda dünýä inmesi we uly üstünlik gazanmasy Türkmenistan üçin hem uly üstünlikdir.
    “Rekord goýmak üçin däl-de, halaýan işim bilen meşgullanmak üçin kosmosa uçýaryn. Kosmonawt – çagalykdan bäri arzuw edip gelýän, gyzyklanýan we isleýän hünärim. Bu gyzyklanma, kosmosa uçmak, ýaşamak we orbitada işlemek islegi meni uçmagy dowam etdirmäge iterýär” diýmek bilen, Oleg Kononenko üstünliginiň syrynyň, güýçli islegde hem-de irginsiz zähmetdedigini belleýär.
    Şeýlelik bilen, bu sene ýer ýüzündäki adamzadyň geçmişini, häzirki döwrüni birleşdirýän umumy baýramçylyk bolup, esasy maksady jemgyýetçilik gyzyklanmasyny artdyrmak we geljekki nesilleri kosmosy öwrenmäge höweslendirmek bolup durýar.

    Ogulnar GARRYGULOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    08/05/2026

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni surady

    02/05/2026

    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni
    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady

    23/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI