15/08/2023
1083
Zeýtun önümçiliginiň taryhy we şu güni
Häzirki wagtda ösen, döwrebap tehnologiýanyň saýasynda pagta çigidinden başlap, günebakar, künji, zeýtun ýaly oba hojalyk ekinlerinden ýokary hilli ýag alynýar. Restorandyr garbanyşhanalarda, hatda öý bikeleriniň arasynda-da iň meşhury zeýtun ýagy hasaplanylýar. Çünki zeýtun ýagy antioksidantlara baý bolup, ol düwnük, ýürek, diabet keselleri bilen bir hatarda tiz garramagyň hem öňüni alýar. Şeýle-de zeýtunda köp mukdarda ýag, protein, A, C we E witaminleri, kalsiý, fosfor, kükürt, magniý ýaly minerallar bardyr. Ol iýmit, şahsy ideg önümleri we derman senagaty ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Ýer ýüzünde zeýtunyň önümçiliginiň ýokarlanmagyna uly üns berilýär. Munuň şeýledigine ýylyň-ýylyna gazanylýan ösüş görkezijileri hem şaýatlyk edýär.
«The Business» gözleg kompaniýasynyň hasabatyna laýyklykda, dünýäniň zeýtun bazarynyň girdejisi 2022-nji ýylda 11,64 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijiniň şu ýylda 12,21 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna we ýyllyk goşmaça ösüş depgininiň 4,93 göterime deň bolmagyna garaşylýar. Gözleg kompaniýasynyň degişli hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2028-nji ýyla çenli global zeýtun ýagy senagatynyň ýyllyk ösüş depgini 6,48 göterime ýetip, girdeji 17,93 amerikan dollaryna deň bolar. Häzirki wagtda bütin dünýäde ýylda 20 million tonna golaý zeýtun öndürilýär.
Zeýtun önümçiligi örän gadymy «sungat» bolup, ilkinji gezek VIII asyrda Ortaýer deňziniň ýakynlarynda, Ýakyn Gündogarda, Gresiýada peýda bolýar. Zeýtun ýagynyň önümçiligi Rim imperiýasy döwründe has-da gülläp ösýär. Araplaryň Ispaniýa aralaşmagy bilen zeýtun ösdürip ýetişdirmegiň täze usullary we görnüşleri ýüze çykyp başlaýar. Häzirki wagtda Ispaniýa dünýäde iň uly zeýtun öndüriji ýurt hasaplanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň hasabatyna görä, zeýtun ösdürip ýetişdirmekde iň öňdebaryjy ýurtlar şulardan ybarat:
ISPANIÝA
Ýurtda her ýyl 5 million tonnadan gowrak zeýtun hasyly ýygnalýar. Ýurduň zeýtun önümçiliginiň, takmynan, 75 göterimi Andalus sebitiniň Jaýen we Kordoba welaýatlarynyň daýhanlary tarapyndan üpjün edilýär. Bu ýerlerde oba hojalykçylar zeýtunyň, esasan, «Hojiblanca», «Picudo», «Picual», «Lechin», «Verdial» ýaly görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Mundan başga-da, zeýtunyň «Cornicabra» görnüşini ösdürip ýetişdirýän Kastilla-La Mança welaýaty ýurduň zeýtun önümçiliginiň 14 göterimini emele getirýär. Şeýle hem Ekstremadura, Kataloniýa we Walensiýa sebitleri bu pudaga özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ispaniýanyň taýýar zeýtun önümleri ABŞ-a, Angliýa, Fransiýa, Awstraliýa, Portugaliýa we Italiýa ugradylýar.
ITALIÝA
Dünýäde zeýtun ösdürip ýetişdirýän ikinji ýurt bolup, ýylda 3 million tonna hasyl alynýar. Italiýanyň günorta sebitiniň Sisiliýa, Pugliýa, Kalabriýa, Sardaniýa we Bazilikata welaýatlary ýurduň zeýtun pudagynyň 80 göterimini düzýär.
Italiýa diňe bir zeýtuny ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjylaryň hatarynda bolman, eýsem, ýurduň ýöriteleşen kärhanalary zeýtun ýaglarynyň ekstraktlaryny garyşdyryp, ýokary hilli brend ýaglary öndürmekde hem meşhurdyr. Häzirki wagtda ABŞ, Awstriýa, Braziliýa, Kanada, Hytaý ýaly ýurtlar italýan zeýtun önümlerini esasy import edijiler bolup durýar.
GRESIÝA
Gresiýanyň ekin meýdanlarynyň 60 göterime golaýy zeýtun üçin ulanylyp, daýhanlar ýylda 2 million tonnadan gowrak hasyl alýarlar. Hasylyň 65 göterimi Krit, Egeý, Ion adalarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, ýakymly ysy bilen tapawutlanýan zeýtunyň «Koroneiki» görnüşi Gresiýanyň Korone sebitinde ekilýär.
Gresiýada 2800-den gowrak zeýtun hasylyny gaýtadan işlemeklige ýöriteleşen kärhana hereket edýär. Taýýar önümleriň ýarysy içerki bazarlara ýerlenilýär, galany bolsa Italiýa, Kanada, ABŞ-a, Awstraliýa, Hytaýa, Ýaponiýa eksport edilýär.
TÜRKIÝE RESPUBLIKASY
Türkiýäniň ekin meýdanlaryndan ýylda 1,5 million tonna zeýtun hasyly alynýar. Onuň esasy bölegi ýurduň Egeý deňziniň kenarýaka sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurtda 500-e golaý zeýtun hasylyny gaýtadan işleýän kärhana hereket edip, olarda zeýtun ýagy, ertirlik hem-de işdäaçarlar üçin niýetlenilen çigitli we çigitsiz zeýtun öndürilýär. Ýeri gelende aýtsak, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkiýäniň zeýtun önümçiliginde 17 göterim ösüş gazanyldy.
Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän zeýtun önümleri, esasan, Saud Arabystanyna, Yraga, Birleşen Arap Emirliklerine, ABŞ-a, Ýaponiýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ugradylýar.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI