13/09/2023
1251
Zähmetli ýollar maksada atarar...
Ynsan ömrüniň durmuşynda kähalatlarda öwrümli pursatlar bolýar. Adam şol öwrümli pursatlardan ýerlikli peýdalanyp başarsa, özüniň maksadyna tarap golaýlaşýar. ''Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar'' ýyly hem meniň durmuşymda öwrümli pursatlara baý boldy. ''Parahatçylygyň ýaş çaparlary''atly akyl-paýhas bäsleşigi meniň ukyp başarnyklarymy açyp görkezen bäsleşik boldy. Men çagalygymdan bäri syýasat bilen köp gyzyklanýardym. Syýasata, diplomatiýa degişli kitaplary yzygiderli okaýardym. Bu islegler meni geljekde diplomatiýa hünärini saýlap almagyma getirdi. Elbetde, diplomat bolmak üçin öz geçmiş taryhymyzy kämil bilmek örän zerurdyr. Şol sebäpli, taryh dersi bilen içgin gyzyklanyp, ''Altyn asyryň altyn zehinleri'' atly ders bäsleşiginde taryh dersi boýunça Döwlet tapgyrynda I we III orunlara mynasyp boldum. Hut, şu ýyl hem ''Parahatçylygyň ýaş çaparlary'' atly akyl-paýhas bäsleşiginiň “Gadymy Müsür we Mesopotamiýa: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary” atly temasyna bagyşlanan III oýunda ýeňiş gazanmagy başardym. Ahyry arzyly günler hem gelip ýetdi. ''Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar'' ýylynda, giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi.
Biz ýaşlar hem şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, Watanymyza päk ýürekden hyzmat etmelidiris. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik,ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.
Şyhdurdy Şyhyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III oýnunyň ýeňijisi.
Последние новости
02/07/2024
«Юные вестники мира»: новости проекта01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR