30/11/-0001
689
ÝÜZDEN ÝÜWRÜK – MÜŇDEN TULPAR
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri adamzadyň taryhynyň gatynda uly orun tapypdyr. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary şöhratly «Nusaý atlary» tutuş dünýäniň atçylygynyň täji, özbaşdak hakyky sungat eseri hökmünde garalýar.
Meşhur atşynaslaryň aýtmaklaryna görä, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewler öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy, ylham joşguny we milli baýlygy bolmagynda galýar.
Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň ajaýyp ýüze çykmasydyr. Asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öň ýanynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Bu eseriň içinde «Ahalteke bedewleri tutuş dünýäniň baýlygy» diýlip, geçilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip nesillerimize galdyrypdyrlar. Şonuň üçinem Türkmenistan – behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde dünýäde irki döwürlerden bäri giňden tanalýar.
Ahalteke bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp- başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen agasy şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr.
Türkmen bedewleriniň dünýäniň meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.
Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başarypdyr. Seýislerimiz «Ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Olar taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä, onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler.
Ahalteke bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar we ol şeýle bolmagynda hem galar.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI