24/01/2024
2060
“YOUNG SUPPORT TO ONE WORLD” atly SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI
COP-28 ähmiýetini talyplaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş alymlar geňeşiniň” we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Suw diplomatiýasy” ugrunyň gurnamagynda institutyň ähli talyplarynyň arasynda geçiriljek “YOUNG SUPPORT TO ONE WORLD” atly
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNLERI
Häzirki döwrde, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biridir. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girip, ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr. Şu barada aýdanymyzda agzalan konwensiýanyň ähmiýetini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmek ähmiýetli bolup durýar.
*Bäsleşigiň esasy maksady: Ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeleri ösdürmek.
*Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş alymlar geňeşi” we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Suw diplomatiýasy” ugry tarapyndan gurnalýar.
*Bäsleşik bilen baglanyşykly ähli meseleler diňe bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan çözülýär.
*Bäsleşige gatnaşyjylar düzgünnamanyň şertlerini doly we dogry berjaý etmeli we talaba laýyk ýerine ýetirmeli.
*Bäsleşigiň netijeleri her fakultetiň bir mugallymyndan ybarat bolan emin agzalar toparynyň sesleriniň jemi esasynda jemlenýär.
*Bäsleşigiň netijelerine görä, Baş baýrak we 1-nji, 2-nji we 3-nji ýer alan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar berler.
*Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň portalynda we institutyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
*Bäsleşigiň geçiş tertibi: - Bäsleşige her fakultetden 4 talypdan ybarat bolan topar gatnaşýar;
- Her toparyň ady howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen baglanyşykly bolmaly;
- Bäsleşige gatnaşyjylar 30 minudyň dowamynda gurnaýjylar tarapyndan üpjün edilen serişdeler bilen suratlary taýýarlamaly;
- Toparlar tarapyndan çekilen suratlaryň her biriniň şygary bolmaly;
- Suratlary we şygarlary iňlis we türkmen dilinde hödürlemäge rugsat berilýär;
- Hödürlenýän şygarlar howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň ähmiýetini beýan etmeli;
- Surat taýýarlanandan soň her topardan bir talyp onuň many-mazmunyny emin agzalar toparyna 5 minudyň dowamynda açyp görkezmeli.
Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 200 adamlyk mejlisler zaly. 2024-nji ýylyň 20-nji fewraly. Sagat 14:00.
Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Ýaş alymlar geňeşi” we Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Suw diplomatiýasy” ugry.
Вы также можете
прочитать об этом здесь:
https://www.turkmenistan.gov.tm/ru/post/79624/v-imo-mid-turkmenistana-sostoyatsya-konkursy-na-temu-ekologii-sredi-studentov-vuza