30/11/-0001
3298
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny
has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi hemmämize aýdyň. Bu günki günde eziz diýarymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklary üçin edilýän tagallarynyň biri.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. Şol sanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup bilýär. Kanuna laýyklykda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýär.
Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.