07/08/2023
829
ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRILEN DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI: TÜRKMENISTAN- TÄJIGISTAN- ÖZBEGISTAN
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Şunda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň esasy şertidir. Sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini netijeli çözmek ýurdumyzyň öňe sürýän halkara strategiýasynyň esasyny düzýär.
Munuň şeýledigine ýaňy ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky ýokary derejeli sammit hem doly derejede subut edýär. Ilkinji gezek geçirilen ýokary derejeli duşuşyk özenine bitaraplyk ruhy siňen Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň taryhyna altyn harplar bilen senelendi.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlyk, möhüm ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, bu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk häzirki döwrüň ýagdaýyndan we geljek üçin meýilnamalardan ugur alyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Türkmenistan bu meselelerde işjeň orny eýeläp, netijeli döwletara we sebit gatnaşyklaryny ösürmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Sammitiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edilip, ählumumy we sebit möçberlerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmak üçin özara tagallalaryň möhümdigi bellenilip geçildi. Taraplar, terrorçylyga, seperatizme we ekstremizme garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, energetika, ulag, logistika, dokma, himiýa, gurluşyk we beýlek pudaklarda, suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşylyp, alnyp barylýan işlerde gatnaşyklaryň mundan beýläk hem rowaçlanjakdygyna uly ynam bildirdiler.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI