
30/11/-0001
717
YLYMLY HÜNÄRMENLER – DÖWRÜMIZIŇ DAÝANJY!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ylym-bilim ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda adamzat jemgyýetiniň ösüşine gönüden-göni itergi berýän ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar we bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Biziň ylym ojagymyz bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Halkara hususy hukugy ugry boýunça magistr bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Bu ugurda okamagymyz bize ylym ugrunda alyp barýan işlerimizi çuňlaşdyrmakda uly kömek eder we ýüregimde beslän mugallymçylyk hünärimde uly goşant goşar diýip ynanýaryn. Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan men hem magistrlik ylmy işimi Intellektual eýeçilik hukugy bilen baglanyşykly ýazmagy maksat edinýärin. Sebäbi ylmy-tehniki ösüşleriň depginleriniň günsaýyn ýokarlanýan, täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň jemgyýetçilik durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan döwründe Intellektual eýeçilik hukugynyň ösüşine hem aýratyn orun berilýär, çünki her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugynyň bardygy, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygy kesgitlenilýär.
Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ylmy jemgyýetçiligiň öňünde goýan möhüm wezipesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy ösdürmek barada edýän bimöçber aladalary ýaşlary elmydama döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty