11/06/2024
531
YLYM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni giňden bellenilýär. Ylmy goldamak we ony ösdürmek ýurduň geljegi üçin uly goşantdyr. Ylmyň ösüşiniň derejesi jemgyýetiň durmuş derejesiniň esasy görkezijileriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» we «Men ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýaryn. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr» diýen sözlerinden ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň täze taryhy döwründe ylmy şamçyrag edinip, geljegiň nurana ýoly bilen öňe barýarlar.
Akyldarlaryň biri: «Ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr. Kim öwrense, öwrenen zadyna amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly Gün ýalydyr. Günüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir» diýipdir. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz» diýip, ylym-bilimiň türkmen ýaşlary üçin kämillik ölçegi bolup durýandygyny nygtaýar.
Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Bu ugurda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň we onuň garamagyndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň alyp barýan işlerine möhüm orun degişlidir. Ýagny ýaşlary ylmy bäsleşiklere çekmek, ylmy-barlag edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Alymlaryň ylmy işleri pudaklary ösdürmegiň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we ornaşdyrmaga oňaýly şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly nusgalyk kitabynda: “Ylymly adam bolmak il-ulsuň öňündäki borçlulykdyr” diýen dürdäne setirlere gabat gelýäris. Ylym öwrenmek hem özboluşly ajaýyp bir sungatdyr. Häzirki döwrümizde türkmen halkynyň “Sallançakdan başlap ömrüň ahyryna çenli ylym öwrenmeklik” ýörelgesi ýokary derejede öňe sürülýär. Öwrenmegiň şahsy aýratynlyklara laýyklykda tapawutlanýarlar.
Ylym näme üçin gerek? Öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzdaky müşgilleri çözmek üçin ulanyp bilýän bolsak bu ylymdyr. Hiç bir halatda peýdalanyp bilmejek zadyňyz bolsa maglumatdyr. Her gün internet arkaly köpsanly ylmy maglumatlara gabat gelýäris we gyzyklanyp okaýarys. Olar biziň üçin täsirli makala bolup biler ýöne şol ugurdan okaýan, işleýän adamlara ol ylymdyr. Ylym öwrenilende özüňize berilmeli esasy sorag bu, ony nirede işledip boljakdygyny soramaklykdyr.
Ylym nähili alynýar? Ähli pikirlere adamlaryň şahsy garaýyşlary bar. Bilim bolsa şol pikiriň özgermegi bilen hasyl bolýar. Daşardan gelýän maglumatyň içki pikirlerden üstün çykmagy bilen adam öň özünde bar bolan pikiriň ýalňyşdygyna göz ýetirýär. Kiçi göwünli, pes pälli bolmak ylmy çalt almaklyga kömekçidir. Ylym ynsanyň başyndaky altyn täçdir, ýöne öwrenilende men-menlige ýol berip, öz pikirlerimizi öňe sürüp, garşymyzdakyny diňlemezlik uly ýalňyşlykdyr. Ylym almak üçin başgalar tarapyndan yzygiderli bildirilýän bellikler, ýalňyşýandygyňy subut edýän deliller gerek. Mugallym ylmyň çeşmesi. Internet hem şeýle, ýöne ol ýalňyşlaryňy aýdyp, düzetmäge şert döredip bermeýär. Mugallym bolsa ylmyny okuwçynyň ýalňyşyna seredip, dogurlap berýär. Hereket we ýalňyşlyk bilim almagyň ýeketäk ýoly. Ylym almakda her kim özüniň tejribesini paýlaşýar. Ýöne bularyň size dogry gelmezligi hem mümkin. Şonuň üçin ählisini tejribede synap, öz mümkinçilikleriňize laýyk gelýänini tapyp bilmeli.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasat hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň ygtybarly hukuk binýadyny döretdi. Bu kanunçylyk namalar ylym-bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini hem-de ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiliklerini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şeýle-de ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Последние новости
12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR12/06/2024
МОЛОДЫЕ УЧЁНЫЕ НА ПУТИ К СОВЕРШЕНСТВУ