1199
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler – ösüşiň özeni
Dünýä ösüşiniň häzirki döwründe innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşinde aýratyn orny bar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.
Ýurdumyzda mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär. Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň ýokary netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Ýurdumyz ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 2-den 11-i aralygynda Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) çäklerinde Müsür Arap Respublikasynyň Helwan uniwersitetinde halkara bilimi dolandyrmak boýunça magistratura derejeli okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onuň dowamynda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň wajyplygy, okatmagyň täze innowasion usullary, ylmy-barlag işleri geçirilende ýüze çykýan meseleler, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalary, bilim ulgamyndaky halkara hil sertifikatlary dogrusynda okuw sapaklary gurnaldy. Okuw sapaklary ýokary derejede gurnalyp, özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy. Şeýle hem, okuw sapaklarynyň geçirilýän döwründe Müsür Arap Respublikasynyň gadymy ýädigärliklerine gurnalan medeni çäre Müsür Arap Respublikasynyň medeniýeti we onuň taryhy bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler berdi. Döredip berýän şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymy bildirýärin.
Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.