17/08/2023
1354
Ylym-bilim ulgamyndaky ägirt uly özgertmeleriň aýdyň netijeleri
Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
Ýurdumyzda milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda bilim ulgamy yzydiger kämilleşdirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryndaky özgertmeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ýgtybarly kepili bolup durýar.
Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen.
Bilim ulgamynda dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Biz hem ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň netijesinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 10-njy awgusty aralygynda ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasynyň çäklerinde dünýäniň 18 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda gurnalan okuw sapaklaryna gatnaşdyk. Maksatnamanyň esasy maksady ýokary bilim ulgamynda işleýän tejribeli mugallymlaryň we ylmy işgärleriň amerikan jemgyýetine, medeniýetine we guramalaryna göz ýetirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmekden ybarat bolup durýar.
Maksatnama 6 hepdelik bolup, onuň ilkinji 4 hepdesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçuttes statynyň Suffolk uniwersitetinde geçirildi. Okuwlar ykdysadyýet we durnukly ösüş ulgamlary boýunça Massaçuttes ştatynyň dürli uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň iň belli ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Garward uniwersitetinde geçirilen okuw sapagy bellärliklidir. Okuw sapaklarynyň 2 hepdesi Nýu-Ýork, şeýle hem paýtagt Waşington şäherlerinde ol ýerleriň öňdebaryjy uniwersitetlerinde ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda geçirildi. Maksatnamanyň çäklerinde 40-dan gowrak okuw sapaklarynyň gurnalmagy bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Boston şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Federal gazna ulgamynyň (ABŞ-nyň Merkezi Banky) şahamçasyna we beýleki edaralara tanyşlyk okuwlary gurnaldy. Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasynyň medeni maksatnamasy özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde dünýä belli “Wall Street” we “Times” meýdançasyna, Kapitolyň binasyna, memoriallara we müzeýlere, dünýä belli ýadygärlik desgalaryna we beýleki ýerlere bolan gezelençler maksatnama gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, umumadamzat bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Gapbar Hallyýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI