1142
Ylmy açyşlar üçin döredilen halkara baýrak
Häzirki wagtda ylmy açyşlar üçin döredilen baýraklaryň sany 100-e golaýdyr. Şol baýraklaryň arasynda giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen iň bir abraýly baýraklaryň biri 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr.
Nobel baýragynyň döreýiş taryhyny bilmek ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Nobel baýragy kimlere, näme üçin we haçan berilýär? Bu baýragyň pul möçberi näçeräkkä? Bu sowallara jogap bermek üçin taryhy maglumatlara ser salalyň!
Ylym üçin köp täzelikleri girizen adam tarapyndan bu baýragyň esaslandyrylmagy gyzykly hem-de geň galdyryjydyr. Şwed inženeri, senagatçy Alfred Nobel (1833-1896) Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde dogulýar.
Alfred Nobel kömege mätäç adamlara ýakyndan goldaw berip, pul kömegini gaýgyrmandyr. 1889-njy ýylda Alfred Nobeliň ejesi aradan çykanda, ol özüniň emläginden ep-esli mukdardaky pul serişdesini Şwesiýanyň Karolin lukmançylyk institutyna bagyş edýär. Alfred Nobel öz ýazgylarynda: «Az mukdardaky kömek — bu hiç zat. Eger-de kimdir birine kömek etmek isleýän bolsaň, onda jomartlyk bilen eçilip, kömek bermek gerek» diýip belleýär.
Gurply senagatçy, inžener, işewür telekeçi Alfred Nobeliň 1895-nji ýylyň 27-nji noýabrynda ýazyp giden wesýetnamasy dünýäniň ähli halklary üçin geň galdyryjydyr. Ol wesýetnamasynda aradan çykanyndan soň, özüniň ähli emlägini we serişdelerini satyp, gazanylan pula gazna döretmegi hem-de şol gaznadan geljek girdejileri ýylyň dowamynda adamzadyň bähbitlerine uly peýda getiren adamlara baýrak görnüşinde paýlamagy, ýagny her ýylky girdejileri deň bäş bölege bölüp, bir bölegini fizika ylmynda has wajyp açyşlary we oýlap tapyşlary amala aşyran, bir bölegini himiýa hem-de lukmançylykda ýa-da fiziologiýada möhüm açyşlary eden adama, bir bölegini edebiýatda has görnükli eseri döreden adama, bir bölegini hem halklaryň parahatçylygyny, jebisligini berkidip, goşunlaryň sanyny azaltmak ugrunda uly goşant goşan adama baýrak görnüşinde bermegi, şeýle hem baýraga hödürlenilýän adamlaryň milletine seretmezden, has mynasyplara baýrak gowşurmagy sargapdyr.
Alfred Nobel 1896-njy ýylyň 10-njy dekabrynda aradan çykýar. Wesýetnamada görkezilen şertler boýunça degişli işler geçirilip, 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda halkara Nobel baýragy döredilýär. Ilkinji gezek halkara Nobel baýragy Alfred Nobel aradan çykanyndan 5 ýyl soňra, 1901-nji ýylyň 10-njy dekabrynda gowşurylýar. Nobeliň milleti şwed bolansoň, bu baýragy Şwesiýanyň Nobel gaznasy gowşurýar. Fizikadan ilkinji Nobel baýragyna rentgen şöhlesini açan nemes fizigi Wilgelm Rentgen mynasyp bolýar. Parahatçylyk ugrundan ilkinji Nobel baýragyna halkara Gyzyl Haç jemgyýetini esaslandyryjy Žan Anri Dýunan laýyk görülýär.
1968-nji ýylda Şwesiýanyň Milli bankynyň döredilmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli, ykdysadyýet ugry boýunça halkara Nobel baýragyny bermek karar edilýär. Şeýlelik bilen, 1969-njy ýyldan başlap, ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler üçin hem bu halkara baýrak gowşurylyp başlanýar.
Maglumatlara görä, häzirki wagtda ylmyň alty ugrundan bu baýraga mynasyp bolanlara berilýän puluň mukdary 2 million amerikan dollaryna golaýdyr. Haçan-da, baýraga birnäçe adam mynasyp bolsa, onda baýrak üçin goýberilýän pul 2 ýa-da 3 adamyň arasynda deň paýlaşylýar.
Her ýylyň 10-njy dekabrynda Şwesiýada Nobeliň güni giňden bellenilýär. Şol gün Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirilýär. Dabaraly ýygnanyşykda giriş sözi bilen çykyş edilip, soňra Nobel komitetiniň agzalary baýraga mynasyp bolanlary we olaryň eden işleriniň ähmiýetini giň köpçülige aýan edýärler. Ondan soň baýraga mynasyp bolanlar Nobeliň şekili ýerleşdirilen altyn medal we degişli diplom, şeýle hem pul baýragy bilen sylaglanylýar. Dabaradan soňky günlerde Nobel baýragynyň eýeleri Şwesiýanyň ylmy edaralarynyň birinde öz eden açyşlary barada köpçüligiň öňünde leksiýa bilen çykyş edýärler.
Meýlis SADYKOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Çeşme şu ýerden alnan:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/108220
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI