12/10/2023
571
Ykdysady diplomatiýa: tejribeler we mümkinçilikler
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: – Daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly.
Ýagty ýol bilen öňe barýan, kalplary buýsançdan doly türkmen halky toýdur baýramlara täze zähmet üstünliklerini we ýeňişlerini sowgat edip gelýän halkdyr. Döwletlilik, hukuk we demokratik ýörelgelerine eýerýän halkymyz Milli Liderimiziň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, bilimini, başarnygyny artdyryp, belent watansöýüjilik duýgusy bilen döredýär, gurýar, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde müdimilik orun alan bu möhüm seneden bäri taryh üçin uzak bolmadyk wagt aralygynda döwletimiz deňsiz-taýsyz belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ynsanperwer durmuşynda gazanylýan üstünlikler, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän hukuk ulgamynda amala aşyrylan özgertmeler ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň wysalyna öwrüldi.
Garaşsyzlygyň geçen ýoly taryh üçin ujypsyz bolsa-da, mazmun taýdan baýdyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanýan günlerinde gazanylan üstünlikleriň ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň ýakymy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halky baş baýramyny — döwlet Garaşsyzlygyny uly üstünlikler bilen garşyladylar. Bagtyýarlyk bilen gelen günler Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyran şanly wakalara beslenýär. Olaryň ählisi-de berkarar döwletimiziň barha kuwwatlanýandygyny, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrdy.
Türkmenistan Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerini dünýä jar etdi. Ýurdumyzyň geçen durmuş menzili döwlet ähmiýetli uly işlere beslendi. Diýarymyz bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde özüniň oňyn ösüş ýoluny kesgitleýär. Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşlere we maglumat-elektron tehnologiýalaryna daýanylyp, bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän innowasion-senagat kärhanalary döredilýär.
Häzirki döwürde gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegi hem-de oba hojalygynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy göz öňünde tutulyp, daýhanlaryň zähmet çekmegi we bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda öndürilen önümlere birža söwdalarynda isleg barha ýokarlanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda köpugurly özgertmeler ylmy taýdan esaslandyrylan, ykdysady diplomatiýany üpjün etmäge gönükdirilen meýilnamalardyr maksatnamalar arkaly amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary kemala geldi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygy pugtalandyryjy, durnukly ösüşi we ählumumy howpsuzlygy üpjün ediji döwlet hökmünde dünýäniň abraýly halkara düzümleriniň mejlislerine gatnaşyp, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly işlere işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda belent münberde beýan eden garaýyşlaryndan hem aýdyň görnüşi ýaly, Bitarap Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly üns berýär.
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty diňe sebitde däl, eýsem Ýer ýüzünde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi kepillendirýär. Halkara jemgyýetçilik Milli Liderimiziň ynsanperwer garaýyşlarynyň, täze başlangyçlarynyň häzirki hem geljekki nesiller, tutuş adamzat üçin örän möhümdigini ykrar edýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlarynyň hem-de ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşmagy we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly hem uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede barha giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan özüniň anyk işleri bilen sebitde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlyga saldamly goşandyny goşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň syýasy durnuklylygy we ýokary ykdysady ösüş depgini Türkmenistana halkara gepleşikleri we maslahatlary geçirmek üçin oňyn mümkinçilik berdi.
Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy we ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşýar.
Türkmenistan nebit-gaz gorlary boýunça dünýäniň baý döwletleriniň hatarynda durýar. Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiň taslamasy, ýagny bu yklymda syýasy we ykdysady durnuklylygy üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu jähetden örän möhümdir. Bu iri halkara taslama bitaraplyk syýasatynyň ösüş ýörelgesiniň yzygiderli we ygtybarly häsiýete eýedigini görkezýär.
Transmilli gaz geçiriji Owganystanyň we onuň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine, umuman, durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy üçin şertleri döreder. Mundan başga-da, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, owgan ykdysadyýeti üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermek we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň ýaly ynsanperwer çäreler sebitde syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýynyň kadalaşmagyna, asudalygyň durnukly bolmagyna ýardam berer.
Bitaraplyk derejesinden, hoşniýetli ýörelgesinden ugur alýan özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk Garaşsyz ýurdumyzda beýik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, intellektual taýdan ösüşini üpjün etmek üçin ajaýyp şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegine amatly şertleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň köp döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge giň ýol açyldy.
Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde dünýäniň ösen döwletleri bilen işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda kabul edilen kanunlaryň halkara talaplara laýyk getirilmegi, ykdysady amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň barha özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.
Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurtda azyk bolçulygy döredilýär, ilat ýylyň dowamynda elýeterli bahadan, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilýär we onuň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.
Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin parahat durmuşy, geljege ynamy berkidýär. Çünki hut asuda, durnukly ýagdaý döredijilikli zähmete, ýokary depginli ösüşe binýat döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna giň ýol açýar.
Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we hemişelik Bitaraplygyna eýe bolan, ykbalyny özi kesgitleýän halk buýsanmaga haklydyr, ata-babalarynyň arzuwlan berkarar döwletini gülletmäge borçludyr.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI