30/11/-0001
549
YGTYBARLY HYZMATDAŞLYGA — 30 ÝYL
Malta Ortaýer deňzinde, Sisiliýadan 93 km we Tunisden 300 km uzaklykda ýerleşýän ajaýyp ada döwletidir. Bu ýurtda hemişelik derýalar we tebigy suw howdanlar ýokdur. Maltanyň meýdany bary-ýogy 316 inedördül kilometr bolup, ululygy boýunça dünýäde 185-nji döwletdir. Maltanyň ilaty 430 müň adamdan gowrakdyr. Maltanyň esasy dilleri malta (arap dilindäki tunis şiwesine meňzeýär), iňlis, italýan dilleridir.
Malta parlament respublikasy bolup, döwlet baştutany Prezidentdir. Malta Respublikasynyň paýtagty döwletiň ykdysady we syýasy merkezi Walletta şäheri. Wallettada binagärlik ýadygärlikleriniň we gözel ýerleriň örän köplügi üçin, ol Bütindünýä medeni miras şäherleriniň sanawyna girizilendir. 21-nji sentýabr — Malta Respublikasynyň garaşsyzlyk güni hökmünde giňden bellenilýär.
Syýahatçylyk Maltanyň ykdysadyýetiniň esasy girdejili ugrudyr. Bu ýurda gelýän syýahatçylaryň akymy yzygiderli we ýylsaýyn artýar. 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Maltada liranyň ýerine ýewro dolanyşyga girizildi.
1993-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandyr.
Aýnabat NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.