946
«Ýaşyl ykdysadyýetiň» täze basgançagy
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Dubaýda (BAE) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar. Bu maýa goýum forumyny gurnaýjylaryň bellemegine görä, foruma gatnaşmak üçin döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, akademiki we işewür toparlaryň, bilermenleriň we metbugat wekilleriniň 300-den gowragynyň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şol sanda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmenengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt, has takygy, “PETRONAS”, “Dragon Oil”, “Siemens Energy”, “Total Energies”, “CNPC”, “Yug-Neftegaz Private Limited” iri kompaniýalaryň wekilleri, halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň wekilleri gatnaşarlar. Maýa goýum forumynyň gün tertibine goýlan meseleleriň giň toparyna, ýagny, global energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny; Türkmenistanyň energiýa pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri; gury ýer we deňizdäki uglewodorod serişdeleri babatyndaky taslamalar; uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa meseleleri; Täze döwür üçin energiýa; Içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi; Türkmenistanyň täze energiýa çeşmeleriniň monetizasiýasy we diwersifikasiýasy bilen bagly meselelere serediler. Şeýle hem, forumyň çäginde iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň ýangyç-energiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda birnäçe işewürlik duşuşygy geçiriler, bu ugurda hyzmatdaşlygyň we geljekki ösüşe gönükdirilen taslamalara maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti ýokarlanar.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Çeşme:
https://turkmenportal.com/tm/blog/6102
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI