30/11/-0001
529
Ýaş çaparyň joşguny
Turuwbaşdan uly üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylymyzyň tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, meniň durmuşymda-da şatlykly wakalara baý boldy. Şeýle wakalaryň biri-de, meniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby bolmagymdyr.
Aýratyn belläp geçmeli esasy wakalaryň biri hem 2022-nji ýylda institutyň Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigidir. Bu bäsleşige gatnaşyp, 3-nji orna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Bäsleşigiň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, diplomatik däplerini öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyny aýtmak gerek. Şeýle-de bu bäsleşik maňa ýene-de bir zady — geljekde saýlap aljak, şol ugurdan zähmet çekjek kärimi tapmaga-da kömek etdi.
Men orta mekdepde okaýan döwürlerimde, esasan, taryh dersi bilen içgin gyzyklanýardym, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşýardym. Birnäçe bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň ýeňijisi bolup, baýrakly orunlara mynasyp boldum. 2021-nji hem-de 2022-nji ýyllarda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde taryh dersinden II derejeli Diploma, şeýle hem «Clever» atly gyşky taryh olimpiadasynyň Şahadatnamasyna mynasyp boldum.
Şu pursatdan peýdalanyp, özümiň höwes edýän asylly kärimiň eýesi bolup, geljekde mähriban Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine şahsy goşandymy goşjakdygyma, yhlasly okap, irginsiz zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde öňe süren parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, biz — ýaşlara okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy
hünäriniň I ýyl talyby.