30/11/-0001
466
«Ýaş çaparlaryň» döwresi
2022-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda täze okuw ýylyna girişilmegi mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimizde geçen okuw möwsüminde guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginde tapawutlanan hem-de şu okuw ýylynda bu bilim ojagynyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçen talyplar gatnaşdylar. Söhbetdeşligi institutyň IV ýyl talyby Gurbanjemal Ödegurbanowa alyp bardy.
«Tegelek stol» söhbetdeşligini halypa mugallym, «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň baş redaktory Täçgeldi Gutlyýew giriş sözi bilen açyp, talyplary bu ýokary okuw mekdebine girmekleri bilen gutlady hem-de olaryň ajaýyp üstünligi gazanmagynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda institutyň ýolbaşçy düzümi tarapyndan guralan bu akyl-paýhas bäsleşiginiň ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Soňra talyplar Gülnara Myradowa, Ýagşymyrat Öwezow, Aýnur Hudaýbergenowa, Kakageldi Akmyradow we Mahym Kakaýewa dagylar «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi dowam etdirip, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklarynda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar, bäsleşigi guraýjylara hoşallyk bildirdiler hem-de özleriniň ýokary okuw mekdebine girmekleri bilen baglanyşykly başdan geçiren ajaýyp pursatlary barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Bu döwre söhbetdeşligini «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň 39-njy sanynda çap etmek meýilleşdirilýär.
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.