19/09/2023
1681
“Watançylyk terbiýesi – kämil şahsyýetleri kemala getirmegiň çeşmesi” ady bilen geçirilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Watançylyk terbiýesi – kämil şahsyýetleri kemala getirmegiň çeşmesi” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň guramagyndaky sergi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary we birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň II derejeli kitaphanaçysy Bibigözel Mämmedowa, Aşgabat şäherindäki Kömekçi mekdebiniň mugallymy Ogulgerek Annasaparowa Watan mukaddesligi, garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, maşgala edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmençilik dogrusynda, şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň milliligimizi ösdürmekde, türkmen maşgalasynyň binýadynyň berk bolmagy dogrusynda alyp barýan döwletli işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň guramagyndaky Watançylyk temasyna bagyşlanan sergä hem tomaşa etdiler.
Batyr Ilbaýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.