04/10/2024
413
Watana söýginiň ykrary
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli berkarar Watanymyzyň ýokary sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşan watandaşlarymyz Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýewiň hem bolmagy biziň üçin örän buýsandyryjydyr.
Ömrüni zähmet bilen bezän edebiýaty öwreniji alym, kärinde kämil çykan mugallym Baba Saryýew bilim ulgamynda ençeme ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, häzirki wagtda geljekki halkaraçy hünärmenlere ylym-bilim, edep-terbiýe bermek bilen bu asylly ýoly dowam edip gelýär. Onuň ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde hem-de ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, ussat mugallym hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Terbiýe we tejribe – ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Halypa mugallym Baba Saryýew baý durmuş tejribesini, ylym goruny il-güni, kärdeşleri, talyplary bilen paýlaşmaga elmydama mähetdel ynsan. Şonuň üçin hem ol il içinde uly abraýyň, hormat-sylagyň eýesi.
Baba Saryýewiň geçýän täsirli okuw sapaklarynda türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak edebi mirasy hem-de halkymyzyň milli gymmatlyklary dogrusynda berýän mazmunly gürrüňleri her bir diňleýjini özüne çekýär. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsine, onuň nakyla öwrülip giden pähimli setirlerine aýratyn gyzyklanma bildirip, söhbetdeşliklerde häli-şindi şolara ýüzlenýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň eminler toparynyň agzasy bolan halypa mugallym okuwçylara-da, talyplaryna-da örän talapkärlik bilen çemeleşýär. Aýdýan her bir belligini delillendirip aýdýar. Döredijilik adamy hökmünde onuň bellikleri, teklipleri, maslahatlary hünär endiklerini özleşdirýän ýaşlaryň tejribe gorunyň baýlaşmagyna örän uly ýardam edýär.
Aýşirin Döwletowa,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" - elektron gazeti 30.09.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-23-107_1441