11/05/2024
352
Watana baglanan ykbal ýa-da halypa zenanyň ömre sygyp, kagyza sygmajak durmuş ýoly hakda
Durmuşda ynsan çagalykda ene-atanyň terbiýesi astynda ulalýar, jemgyýetde bolsa ony akymyň ugry bilen sazlaşykly alyp gitjek halypa mätäç bolýar. Türkmen diplomatiýasynda hem ýaş diplomatlary hünär ussatlygyna ýetirmekde nusgawy halypa diplomat-ilçiler ýolbaşçy hökmünde çykyş edýärler. Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, alym zenan Çynar Rustemowa öz ömrüni Watan gullugyna, halkynyň abadançylygyna bagyş edip, Türkmenistanyň daşary syýasatyny öz ykbalyna baglan halypa diplomatdyr. Diplomat zenan türkmen diplomatiýasynyň häzirki we geljekki neslini taýýarlamak bilen olary watançylyk ruhunda terbiýeläp, diplomatiýanyň inçe syrlaryny we öz tejribe ýoluny öwredip gelýär.
Şu ýerde ömrümde ýatdan çykmajak pursada ýüzlenesim gelýär. 2022-nji ýylda tomusky önümçilik-tejribeligimi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynda geçip başladym. Şol ýerde meýletinçi hökmünde öz diplomatik hünärimiň ilkinji öýjügini düzmegime halypa diplomatyň sebäp bolandygy şek-şübhesizdir. Türkmenistanyň demirgazygynda ösüp-ulalan ýaş ýigidiň şeýle abraýly derejelere eýe bolan, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň abraýyny halkara arenasynda goraýjylaryň, ilkinji zenan diplomatlaryň biri Çynar Rustemowanyň ünsüne düşmegi ynsanyň durmuş sahypasyny bezeýän ajaýyp wakalaryň biridir. Şu geçen sanlyja ýylyň içinde halypadan öwrenen diplomatiýa sungatynyň inçe tärleri mende bu kärä bolan söýgini has-da artdyryp, Türkmenistan döwletimiziň wepaly ogly bolup, halkara derejesinde Watanymyzyň abraýyny tug edinip, başymyzda götermek ýaly asylly maksadyň ilkinji kerpiçlerini kalbymda goýdy.
Ç.Rustemowa bize ähli ugurlarda nusgalyk görelde bolmak bilen, häzirki wagtda hem öz işjeňligini hem birjik-de peseltmeýär. Halypa ussat Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde irginsiz zähmet çekip, guramanyň maksatnamalaryny we taslamalaryny ýurdumyzyň bilim-ylym, sport, medeniýet pudaklaryna ornaşdyrmakda, şeýle hem milli we transmilli hödürnamalary taýýarlap, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň sanawlaryna goşmak babatynda saldamly işleri alyp barýar. Bu bolsa halypa zenanyň kalbynda Watan mukaddesliginiň alawlap ýanýandygyny ony hemişe duýup ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, hiç bir zat unudylmaýar, hiç bir zat ünsden düşürilmeýär. Çeken yhlasly zähmeti üçin halypa diplomatyň 2021-nji ýylda Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylagyna «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejä eýe bolmagy hem Ç.Rustemowanyň bütin ömrüni Watanyna bagyş eden diplomatik ýoluna goýulýan uly hormatyň we sarpanyň nyşanydyr. Megerem, asyl diplomatyň agramly gymmatlygy hem şundadyr...
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Ç.Rustemowa öz diplomatik ýolunyň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň beýleki daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny durmuşa geçirmekde asyra barabar işleri amala aşyrdy. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy, Wýetnam Halk Sosialistik Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Mongoliýa, Täjigistan Respublikasy ýaly Gündogar döwletlerinde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi diýen belent derejäni göterip, türkmeniň wepaly zenanynyň görelde mekdebini döretdi. Ýene bellemeli zatlaryň biri hem, agzybir maşgalany saklap, Watana wepaly gulluk etmek bilen öz ykbalynda bu iki jogapkärçilikli wezipeleri sazlaşdyrmak arkaly asylly türkmen zenanyň keşbini özüne siňdirmegi başardy. Bu bolsa halypanyň adynyň türkmen diplomatiýasynyň taryhynda ilkinjileriň hatarynda ilçi zenan hökmünde altyn harplar bilen ýazylmagyna getirdi.
Türkmen ýaş diplomatlarynyň halypasy Ç.Rus-temowa bu ýyl ynsan ömrüniň ajaýyp döwrüne gadam basyp, 70 ýaş ýubileý toýuny toýlaýar. Halypa diplomat öz amal edýän işleri bilen Watana hyzmat etmegiň ýaş çäginiň ýokdugyny aňryýany bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň halypa diplomata doglan güni mynasybetli Gutlag hatyny ibermegi Ç.Rustemowanyň ömür ýolunda diplomatik ussatlygyna ýetip, Watanymyzyň ösüşine önjeýli goşandynyň sarpalaýandygynyň alamatydyr. Türkmen diplomatiýasyna berilýän ünsüň aýdyň şaýadydyr.
Şu pursatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde at-abraýyny gorap, ony belende göterýän türkmen diplomat zenany Ç.Rustemowany doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we halypa uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Watan tuguny hemişe belentden parladyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny üpjün etmekde alyp barýan işlerinde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Kuwwat MÄMMEDOW,
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby,
ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň meýletinçisi.
Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" elektron gazeti - 10.05.2024 ý. // https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-13-96_9983
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI