10/12/2025
101
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän döwründe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleri hem-de Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany çykyş etdiler.
Bu wagyz-nesihat çäresiniň maksady Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek bolup durýar.
Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda baýramçylyk günlerinde talyplaryň köpçülik ýerlerinde özlerini tertipli alyp barmalydyklary, zyýanly endiklerden daşda durmalydyklary baradaky çykyşlar bolsa giň many-mazmuna eýe boldy.
Muhammetaly ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.