28/05/2024
451
Üstünlikli jemlenen halkara bäsleşik
23 — 25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletlerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 200-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-syndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlar gatnaşdy. Bu halkara bäsleşigiň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilmegi ýaş diplomatlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Muňa bäsleşige gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.
Saeed Seyed agha BANIHASHEMI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara
ylmy barlaglary institutynyň mugallymy:
— Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Siziň ak mermerli we ajaýyp ýurduňyz meni haýran galdyrdy. Şeýle halkara bäsleşikleriň geçirilmegi bu ýurtda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini we ýaşlaryň saýlan ugurlarynda tejribe toplamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň nyşanydyr.
Iş saparymyzyň çäginde bu ýokary okuw mekdebiniň muzeýine aýlandyk. Onda türkmen diplomatiýasynda yz galdyran şahsyýetleriň portret suratlary, gyzykly gollanmalar, taryhy fotorsuratlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de institutyň okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy, Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezleri bilen tanyşdyk. Mundan başga-da, ýörite maksatnama esasynda Aziýanyň merjen şäheriniň gözel künjeklerine, «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumyna, gadymy taryhy ýadygärlikler topluma, söwda we dynç-alyş merkezlerine gezelençler guraldy. Türkmen topragynyň özüne çekiji gözelligine şaýat bolmak bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
* * *
Zeng ZILUAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý daşary işler uniwersitetiniň talyby:
— Ilkinji nobatda, türkmen topragynda guralýan Halkara bäsleşige gatnaşandygyma örän begenýändigimi aýdasym gelýär. Çünki bu günki halkara bäsleşik dünýäniň ýaşlary bilen özara pikir alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşik ýokary guramaçylykda geçdi. Bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Onda berlen ýumuşlar boýunça biz diňe bir zehinimizi synaman, eýsem, halkara gatnaşyklary boýunça alýan bilimimizi we tejribämizi kämilleşdirdik. Guralan bäsleşikler we medeni çäreler üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygymy bildirýärin. Goý, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklary ebedi bolsun!
Taýýarlan Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Çeşme: "Watan" gazeti - 28.05.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/150230
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI