30/04/2024
1513
Ussatlaryň gözleginde
Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?» Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!» K.Gurbannepesow Goşgy setirlerinden hem aňan bolsaňyz gerek, bu gün biz ussatlaryň söhbetini etmekçi. Hakykatdanam, halkyň söýgüsini gazanan ussatlarymyzyň geçen şöhratly menzilleri ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Emma ussatlaryň kämillige ýetmekde geçen çarkandakly ýollaryny bir eseriň ýa bolmasa bir filmiň çäginde beýan etmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Gysga wagtda meşhurlyk gazanan «Ussat» dokumental filmler taslamasynyň maksady hem halypalaryň ömrüniň ajaýyp pursatlaryny bir filmiň çäginde beýan etmäge synanşykdyr. Ýaňy-ýakynda öz işine başlan bu taslama öz «Türkmenportal» web-saýtynyň iň arzyly taslamalarynyň birine öwrüldi. Iň gyzykly ýeri hem, «Ussat» dokumental filmler taslamasynyň awtory hem-de režissýory hut biziň öz talyp deň-duşumyz Amangeldi Ýegenowyň bolmagy juda buýsandyrýar. Biz hem onuň bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.
— Amangeldi, siziň «Ussat» dokumental filmler taslamaňyz juda gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Özi hem bu işiňiz juda uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle uly işe ýapyşmagyňyza näme itergi berdi?
— Orta mekdebi tamamlanymdan soň, maňa Jemal Saparowa, Tirkiş Garaýew ýaly ussat halypalar bilen işleşmek nesip etdi. Şeýle-de 2023-nji ýylda nesibäm çekip, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň, onda-da halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby bolup, ýokary bilim alyp başladym. Öz saýlan hünärim boýunça alýan bilimim, halypa mugallymlaryň öwredýän zatlary bu taslamany ýola goýmagyma has-da hyjuwlandyrdy.
— Siz film taýýarlajak baş gahrymanyňyzy maslahatlaşyp saýlaýaňyzmy ýa-da göni gurallaryňyzy alyp, onuň gapysyny kakaýýaňyzmy?
— Döredijilik adamlary hemişe gözlegde bolýarlar, meniň gahrymanlarym hem hemişe gözlegde, başagaý. Şonuň üçin hem, ilki bilen, söhbetdeş boljak gahrymanlarymyň sanawyny düzýän we birbada olaryň birnäçesi bilen söhbetdeşlik guraýaryn. Gerekli maglumatlarymy jemlänimden soňra, halk köpçüligine ýetirýärin.
— Tomaşaçylar geljekde siziň «Ussat» dokumental filmler taslamaňyzdan nähili täzeliklere garaşyp bilerler?
— Biz öz taslamamyza sungat ussatlarynyň döredijilik ýoly bilen başlan hem bolsak, geljekde dürli pudaklarda zähmet çekýän, öz işine ussat hünärmenleriň durmuşynyň ajaýyp pursatlaryndan çeper film taýýarlamagy maksat edinýäris. Çünki ömrümizi ömür edýän ýaşan ýyllarymyz däl-de, ýatdan çykmajak pursatlar... Esasan hem, halypa diplomatlarymyzyň durmuşynyň ajaýyp pursatlaryndan çeper film taýýarlamagy maksat edinýärin.
— Amangeldi, beren ajaýyp gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Bu maksada okgunly döredijilik işiňiz bizi hem täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Size mundan beýläk-de okuwyňyzda, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris! Kesbiňizden kemal tapyň!
— Sag boluň! Söhbetdeş bolan:
Aýsona AMANJAÝEWA,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI