700
Üns beriň, bäsleşik!
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky
Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň
göçme kubogyny almak ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda energetika, ulag, suw diplomatiýalary boýunça bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolan energetika, ulag we suw diplomatiýasyny onuň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmek maksady bilen 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika inistitutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň arasynda bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşigiň esasy maksady: Bu bäsleşik Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolan energetika, ulag we suw diplomatiýasyny onuň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmeklige, şeýle-de, bu ugurda talyplaryň bilimlerini artdyrmaga we tejribede ulanmaklyga gönükdirilendir.
Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar.
Bäsleşigiň soraglary we guramaçylyk işleri agzalan ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat bolan topar tarapyndan kesgitlenilýär.
Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 6 sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşýar.
Her toparyň özleriniň saýlap alan nyşany bolýar.
Bäsleşik sorag-jogap görnüşinde bolup, iki tapgyrdan ybarat bolýar.
Bäsleşik rus-iňlis dillerinde geçirilýär.
Bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtda jogap bermek arkaly geçirilýär (her soraga 1 minut wagt berilýär).
Bäsleşigiň netijeleri emin agzalaryň gelen kararlary esasynda jemlenýär.
Bäsleşigiň netijelerine görä, ýeňiji topara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň göçme kubogy, her topardan iň gowy çykyş edene Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.
Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdirilýär.
Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň hünärmenleri A.Jumagulyýew, P.Çaryýew we A.Omarowa (hgi.hygdek@gmail.com, tel:22-02-64).