861
ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
Ata Watanymyz rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe barýar, täze sepgitlere ýetýär. Şeýle ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, hususan-da, ulag ulgamynda hem gazanylýar. Baky Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça netijeli işleri Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirýär. 2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri» atly tema boýunça çykyş etdi. Çykyşda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere aýratyn üns çekildi. Şeýle-de Milli Liderimiziň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ugrunda BMG-niň Gün tertibi bilen baglylykda Halkara merkeziň ulag syýasatynyň we ulag diplomatiýasynyň öňe gitmegine aýratyn üns berýändigini belledi. 2021-nji ýylda Türkmenistan we Ulag diplomatiýasynyň halkara merkezi pandemiýadan soňky döwürde durnukly ulag meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegine we tanyşdyrylmagyna işjeň gatnaşdy. 2022-nji ýylda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynyň ýanynda «Durnukly ulag boýunça dostlar topary» döredildi. Häzirki wagtda bu merkez tehniki sekretariatyň wezipelerini ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» möhüm ulag-logistik ugurlaryň, hususan-da, «Lapis Lazuli», «Gazagystan — Eýran — Türkmenistan», «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman», «Hazar deňzi — Gara deňiz» we beýleki sebitara ulag ýollarynyň ösdürilmegi boýunça işleri barada nygtaldy. Türkmenistanyň deňiz ulaglarynyň özüne çekijiligini we deňiz ýük daşama mümkinçiliklerini ýokarlandyran «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» — TRASEKA halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Okuw sapagynyň ahyrynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow talyplar bilen sorag-jogap alyşdy. Şeýle-de institutymyzdaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezleri, okuw studiýasy bilen tanyş boldy.
Ýupar EGIRJÄÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby,
Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi.
Makala "Biznes reklama" gazetinde 08.05.2023 senesinde çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI