
18/03/2025
164
ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2025-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda Logistika ulgamynda «Emeli aňyň» geljekki mümkinçilikleri atly okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew alyp bardy. Okuw sapagynyň dowamynda ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda we ösdürmekde dünýä tejribesinde emeli aňyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle-de talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar, ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary baradaky bilimlerini artdyrdylar.
Begli SULTANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.