572
ULAG DIPLOMATIÝASY: NETIJELI GATNAŞYKLAR, TÄZE TASLAMALAR
Hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynyň miweleri paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň mysalynda aýdyň göründi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu çäre ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Onda ýol-ulag düzüminde amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli işler, Türkmenistanyň yklymyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrýandygy giňden beýan edildi. Bellenişi ýaly, Ýewraziýanyň uly ýollarynyň çatrygynda, örän amatly orunda ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde, milli ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda ýurdumyz üçin örän amatly ýagdaýy döredýär. Şunuň bilen baglylykda, forumda söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de erkin senagat zolaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, halkara kommunikasiýalarda milli ulag kärhanalarynyň işine ýardam bermek, ýurdumyzyň döwlet edaralary, iri logistika institutlary bilen ulag-logistika ulgamlarynda ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy, çözgütler kabul edildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi boýunça birnäçe möhüm taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklerden ugur alnyp, täze geçelgeler, ulag üpjünçilik ulgamlary döredilýär, pudaga iri maýa goýumlary çekilýär. Halkara howa menzilleriniň, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurluşyklary ýokary derejede alnyp barylýar. Täze ulaglar, otlular, gämiler, uçarlar satyn alynýar. Golaýda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçarynyň gelip gowuşmagy hem bu ugurdaky uly üstünlikdir.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Bu ugurdaky işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlarydyr tagallalary esasynda ösdürilýän ulag diplomatiýasynyň netijesinde barha rowaçlanýar. Ulag diplomatiýasy ulag ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň örän möhüm görnüşi bolup, Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde giň goldawa eýe bolýar. Onuň öňünde durýan möhüm wezipelerdir ugurlar halkara maslahatyň «Häzirki zaman ykdysadyýetiniň ulag-logistika taýdan özara baglanyşygy», «Söwda we logistikada sanlylaşdyrmak boýunça iň täze çemeleşmeler», «Söwda we senagat: ösüş we hyzmatdaşlyk», «Ulag-logistika düzüminiň arabaglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy gatnaşyklaryň orny», «Ulag-logistika ulgamynda innowasion tehnologiýalar, ylym we bilim — geljege nazar» atly mejlislerinde giňden beýan edildi. Olarda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlendi hem-de täzeçil çemeleşmeler, çözgütler öňe sürüldi. Şeýle-de, ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilermenler Türkmenistanyň uzak möhletleýin ulag strategiýasyna ýokary baha berýärler. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde we dünýäde iri halkara taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar. Döwrebap, utgaşykly, deňagramly we ýokary tehnologiýaly ulag düzümi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hasaplanýar. Umuman, «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargolux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, «USAID Central Asia» maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekillerini, logistika kompaniýalaryny özünde jemlän halkara forum Türkmenistanyň ulag boýunça netijeli, maksadalaýyk ählumumy gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Ylýas Orazow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI