30/08/2024
540
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR WEKILIÝETI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ GANSU PROWINSIÝASYNDA TANYŞLYK SAPARYNDA BOLDULAR
2024-nji ýylyň 21— 27-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynda tanyşlyk saparynda boldular. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýaşlar wekiliýetlerini alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralan bu sapara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýeti 22-nji awgustda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu prowinsiýasynyň Szýaýuguan şäherinde bolup, günüň birinji ýarymynda şäheriň Szinta uýezdindäki gorag tokaý taslamasyna baryp gördüler. Bu ýerde taslamanyň çäginde çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmekde hytaý bilermenleriniň tejribesini öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Günüň ikinji ýarymynda bolsa wekiliýet agzalary «Szýugan polat» zawodynyň hem-de Simu süýt önümleri kärhanasynyň işi bilen tanyşdylar. Şol gün agşam bu şäheriň Meriniň orunbasary bilen tanyşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan soň türkmen wekiliýeti üçin şäheriň taryhy ýerlerine gezelenç gurnaldy.
23-24-nji awgustda türkmen ýaşlary Gansu prowinsiýasynyň Çžanýe şäherinde bolup, ol ýerde Ýerasty suwlaryň öndürilişini kadalaşdyrmak boýunça taslama, Gançžou raýonynyň Maçžan obasynda ýerleşýän organiki gök önümleriň ammaryna, Şennun kömelek kärhanasyna, nusgalyk Suçžan obasyna, Çžanýe Dansa milli geoparkyna, Gansu Wanžuý oba hojalyk tehnikalary kompaniýasyna we Çžanýe Çžaounyň oba hojalygynyň ösüşi kompaniýasyna aýlanylyp gördüler.
25-nji awgustda ýaşlar wekiliýeti Şandan atçylyk fermasynda bolup, ol ýerde hytaý atlaryny synladylar. Bu fermanyň ýolbaşçylary ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
26-27-nji awgustda Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti Dunhuan çeperçilik muzeýine, suw çarhlarynyň sergi parkyna, Gansu prowinsiýasynyň muzeýine, Haýmo ylmy-tehniki kompaniýasyna, Lançžou nebit-himiýa korporasiýasyna we Lançžounyň täze raýonynda ýerleşýän häzirki zaman oba hojalygynyň nusgalyk parkyna aýlanylyp gördüler. Şeýle-de wekiliýet agzalary Lançžou uniwersitetinde bolup, hytaý medeniýeti we Gansu prowinsiýasy barada umumy sapaklara gatnaşdylar, rus dilini öwrenýän talyplar we mugallymlar bilen duşuşyp pikir alyşdylar.
Günüň ahyrynda prowinsiýanyň ýolbaşçylary bilen saparyň jemleýji resmi duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda prowinsiýanyň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, durmuşa geçirilen işler hakynda kanagatlanma bilen belläp, bu tanyşlyk saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işlere özboluşly goşant boljakdygyna, has wajyp ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, umumy bähbitleri ilerletmek üçin şertleri döretmekde bu gezekki bu tanyşlyk saparynyň oňyn täsirleriniň boljakdygyna ynam bildirdiler. Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň agzalary hem öz gezeklerinde hytaý dostlaryna mährili garşylandyklary, saparyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle-de iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmekde bu saparyň netijeli boljakdygyna ynam bildirýändiklerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň agzalary dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda we olar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde ýaşlaryň güýjüne uly ynam bildirýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy,
wekiliýetiň agzasy.