04/11/2023
1532
TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI DAŞARY SYÝASATY WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ BINÝATLYK YNSANPERWER GARAÝYŞLARY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasaty we diplomatiýasy, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmeklige gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär we mazmun taýdan baýlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi durýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işler örän wajypdyr. Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi şol medeni mirasyň merjenidir» [1].
2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň bellenilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2014-nji ýylyň «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, häzirki wagtda bolsa 2024-nji ýylda 300 ýyllygyny baýram etmek üçin görülýän taýýarlyk, dünýäde türkmeniň giňden tanalmagynda taryhy wezipäni amala aşyran Magtymguly Pyraga, Muhammet Baýram han Türkmene, Soltan Sanjara bagyşlanyp geçirilýän halkara maslahatlar onuň anyk mysallarydyr. 2022-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi akyldar şahyryň döredijiligine dünýä halklarynyň uly sarpa goýýanlygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik taglymaty halkymyzyň döwletliligi we garaşsyzlygy, nesillerimiziň bagtly geljegi bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek hem-de wagyz etmek maksady bilen 2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda Aşgabat şäherinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi we 2024-nji ýylda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejeli halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk şahyr-filosofyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek we ýaýbaňlandyrmak babatyndaky işleriň anyk mysalydyr.
Döredijiligi adamzat gymmatlyklarynyň iň belent derejesinde saýylýan beýik akyldarlarymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ylmy-filosofiki we edebi-çeper mirasyny öwrenmekligiň giň halkara jemgyýetçiligi derejesine eýe bolmagy aýratyn üns bererlikdir. Sebäbi akyldaryň döredijiligi tutuş adamzat siwilizasiýasynyň parasatlylyk we pikir-paýhas gaznasynda saldamly orny eýeleýän gymmatly hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Magtymguly Pyragy özüniň ynsanperwer garaýyşlary bilen ynsan kowmuna elmydama kämilligiň, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Beýik şahyryň akyl gämisine atlanyp, pikir ummanynda ýüzleniňde, Magtymguly Pyragynyň beýik ynsandygyna göz ýetirýärsiň»[2, 263 s.].
Türkmen halkynyň belent we geljege ymtylýan çuňňur ynama gaplanan berk binýatly ruhunyň, sarsmaz watansöýüjiliginiň we parahatsöýüjiliginiň waspçysy bolan ynsanperwer şahyr Magtymguly özüniň döredijiliginde baky adamzat gymmatlyklaryny beýan etmek bilen, olaryň hiç haçan hem öçmejek many-mazmunyny edebi kelamyň altyn sahypalarynda miras goýupdyr. Magtymguly Pyragynyň goşgulary gözellige, sazlaşyga, ýagşylyga we bagta, Ýer ýüzünde parahatçylyga tarap ynsan ymtylyşyny şöhlelendirýär. Olaryň aýdyň şöhlelenmesi bu gün Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli we hoşniýetli daşary syýasatynda we dostlukly halkara gatnaşyklarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň döwlet gurujylyk pähim-paýhasyndan, onuň telim asyrlyk däp-dessurlaryndan syzylyp çykýan milli tejribesiniň, başgaça aýdanymyzda, halkymyzyň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň köpasyrlyk filisofiýasynyň esasynda işjeň durmuşa geçirilýän hemişelik Bitaraplyk syýasaty bu gün dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar»[3].
Öz halkyny birleşdirmek – bir döwlete gulluk etmek ideýasy Magtymgulynyň birnäçe eserlerinde açyk beýan edilýär. Şahyryň «Bäşimiz» diýen eserini okanyňda, onuň türkmen tirelerini birleşdirmek baradaky watançylyk ideýalarynyň sosial-syýasy manysyna anyk düşünýärsiň.
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy – Nili.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili...
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz[4, 212 s.].
Bu setirleri öz watanyny çuňňur kalbyndan söýýän, halkynyň güýjüne buýsanýan we ynanýan, onuň sarpasyny belent saklaýan şahyr ýazyp biler. Dagynyk tireleriň başyny jemläp, bitewi bir türkmen döwletini döretmek ýaly pikiri şol wagtlarda ýöreden adam, elbetde, hemmetaraplaýyn beýik adamdyr. Muny bize taryh görkezýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Medeni baýlyklar, milli ýörelgeler halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklardyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen halky hem parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi ündeýän milli ýörelgelerini döredipdir. Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir»[5].
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň pähim-paýhasyndan, onuň köp asyrlyk däp-dessurlaryndan başgaça aýdanymyzda, halkymyzyň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň köpasyrlyk filisofiýasyndan gözbaş alýan ýörelgeler döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň özeni tutýar. Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda çuňňur oýlanyşykly we maksada okgunly daşary-syýasy işini üstünlikli amala aşyrýar. Şu mynasybetli, milli ösüş maksatnamalarynyň üs-tünlikli amala aşyrylmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýun-ça netijeli gatnaşyklaryň giňelmegi üçin oňaýly daşary-syýasy şertler döredilýär. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginiň, Ýer ýüzünde özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň emele gelmeginiň we goldanylmagynyň, ählumumy ösüşi üpjün etmegiň hatyrasyna alnyp barylýan özara hereketleriň giňelmegini nazarlaýan halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Bu möhüm başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenendir.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär we Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu özboluşly hukuk derejesine eýerip, Türkmenistan Bitaraplygyň halkara hukugyň, diplomatiýanyň, parahatçylyk dörediji dialogyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup biljekdigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistan soňky birnäçe ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ähli ölçeglerde durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna çagyrýan Kararnamalarynyň ençemesiniň öňbaşçysy we awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu ýerde dürli ýyllarda kabul edilen ähmiýetli çözgütleri ýatlamak hem ýerliklidir. Hususanda, häzirki wagtda Türkmenistanyň howpsuzlygyň bitewiligi we bölünmezligi hakynda Konsepsiýanyň işlenilmeginiň möhümligi; ähli halkara meseleler çözülende syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmak baradaky Jarnamany işläp taýýarlamak; Merkezi Aziýa sebitinde asudalygy üpjün etmek boýunça hemişelik hereket edýän Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk forumyny döretmek; Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly durnuklaşdyrylmagyna we bu goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek; dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek; döwrebap we howpsuz halkara ulag düzümini döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak; BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýasyna girýän ýurtlaryň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek; Merkezi Aziýada we Hazar sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebitleýin merkezi döretmek ýaly sebitleýin we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler boýunça gymmatly başlangyçlaryň ähmiýeti yzygiderli artýar. Bu we beýleki daşary-syýasy başlangyçlar şu günki gün tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleleriň çözgüdine özleriniň barha saldamly goşant bolup durýarlar. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň başlangyçlary we teklipleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna we giň goldawyna mynasyp bolýarlar. Şeýlelik-de, Türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz we berkarar döwlet, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik baradaky arzuwlarydyr gymmatly ündewleriniň bu Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýändigini görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň amal eden bu eşretli durmuşy Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary türkmen halkynyň gudratly senetkäri we beýik söz ussady Magtymgulynyň edebi mirasyna goýulýan uly hormatdan, sarpadan nyşandyr.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
26/11/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP25/11/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP23/11/2024
ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP